Tebigat zähmetkeş halkymyza baýlyk baryny eçilipdir. Türkmen tebigaty ýerasty we ýerüsti baýlyklary, keremli daglary, ajaýyp sährasy, gül-gülälekli baýyrlary, tereň derýalary, gojaman deňzi, miweli we saýaly agaçlary, bag-bakjalary, dermanlyk ösümlikleri, täsin haýwanat dünýäsi bilen Ýer ýüzüni haýrana goýýar. Ýaşaýşy gowulandyrmagyň gözleginde bolan ata-babalarymyz ähli nygmaty tygşytly, ýerlikli ulanmagy gündelik durmuşyna ymykly ornaşdyrypdyr. Mysal üçin, babadaýhan pederlerimiz suwy ýerlikli ulanyp, toprakdan bol hasyl almagyň inçeliklerini öwrenipdirler. Olar ekiniň suwy ýetmese guraýandygyny, suwy artyk bolsa çüýreýändigini bilipdirler. Diýmek, ýerden bol hasyl almak üçin suwy örän rejeli peýdalanmaly. Bu bolsa irginsiz zähmeti talap edýär.
erkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bolelinlikde, eşretli durmuşda ýaşaýar. Il-ulsumyzyň her bir güni şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Ülkämiziň nazu-nygmatlardan doly toý saçagy gözleri, göwünleri dokundyryp, agzybirligiň, zähmetsöýerligiň, tygşytlylygyň bereket bulagydygyny görkezýär. Şeýle-de halkymyz zaýaçylyga, isripçilige ýol bermez. Munuň bilen bagly Keý-Kowsuň «Kowusnama» eserinde gymmatly pikirler öňe sürlüp: «Her betbagtlygyň bir sebäbi bardyr, garyplygyň sebäbi-de zaýaçylykdyr. Diňe bir mal-döwleti harçlamakda däl, iýmek-içmekde, işlemekde, gürlemekde — haýsy zatda bolsa-da, isrip etmegin, çünki isrip bedeni gurbatdan gaçyryp, kalby talaňa salýandyr, akyly çaşyryp, ömri zaýalaýandyr» diýilýär. Çünki isrip etmek rysgal-berekediň kemelmeginiň esasy sebäpleriniň biridir.