«Yşk ýüregimde gaýnap»

23 Iýul 2024
432

Her bir millet dünýäde, köplenç, adyny arşa göteren beýik ogullary bilen tanalýar. Bir milletiň dünýä beren belli-belli şahsyýetleriniň her biri şol halkyň mertebe merduwanynda bir basgançakdyr. Türkmeniň adyny jahana ýaýan halkymyzyň beýik ogullarynyň biri bolsa şerepli sözleriň eýesi Magtymguly Pyragydyr. Akyldar şahyrymyzyň ynsan ähliniň ömür ýolunda könelmeýän meseleler hakda ýazan şygyrlary şu günlerimizde hem özüniň ähmiýetini ýitirmeýär. Söz sungatynyň piri dana Pyragynyň döredijiliginiň özenini ýagşy adam bolup ýaşamagy, ýagşy adamlara, ýagşylyklara ýaran bolmagy ündeýän şygyrlar düzýär.

Şeýle-de bolsa, onuň akyl-paýhasa ýugrulan wesýetnamalar ýygyndysy diýip atlandyryp boljak döredijiliginde yşky şygyrlaryň aýratyn orny bar. Şolaryň üsti bilen hem şygrystanyň soltany Magtymguly Pyragynyň zenanlara bolan garaýyşlarynyň örän näzik, özüniň bolsa duýguçyl bolandygyna göz ýetirýäris.

Çemen ANNABERDIÝEWA,
şahyr.