(Şahyrana kyssa)
Pyragynyň şygyrlary ömre gurbat, köňle söýget. Pyragynyň pähimleri göwün üzre täsin söhbet. Bu şygyrlar ykballara sünnä bilen nagyş çaýar. Ony okan-diňlän ýürek giň asmanda ganat ýaýar. Şahyryň arzysy kändir gadym oguz illerinde. Onuň şygry ýaňlanýandyr bütin dünýäň dillerinde. Diýr, akyldar öwüdinde: «Namart asyl-ha mert bolmaz», hemem diýer pähim bilen: «Şagal-tilkiler gurt bolmaz». Hawa, dana, gurt gözünde ot ýanar hem ataş ýanar, merdanalar mydam mertdir, olar çyn ärlerden öner. Her bir sözüň, parasadyň ýüreklere gurbat, şahyr, seniň göwher öwütleriň durşy bilen sungat, şahyr! Pelsepeçi, sufist özüň, dünýä akylyňa haýrandyr, däne-däne pikirleriň tutuş jahana ýaýrandyr.