Daýhan yhlasyndan Watan gülleýär

17 Iýul 2024
573

Bu gün türkmen daýhany sahawatly topragymyzdan gallanyň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak däne tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli berjaý etdi. Şeýle üstünlik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanýan ussat kärendeçileriň, hususy önüm öndürijileriň, mehanizatorlaryň, bu ugurdan ylmy işleri alyp barýan alymlaryň, gallany ösdürip ýetişdirmekde we ony ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan her bir adamyň agzybirlikli zähmeti netijesinde gazanyldy.

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul eden pursatlaryny teleýaýlym arkaly synlan her bir türkmenistanlynyň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň barha berkidilýändigine bolan ynamy artyp, ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesiniň häzirki döwrüň ekerançylyk usullary bilen utgaşdyrylyp, oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gallaçylyk pudagynda hem uly zähmet ýeňişleriniň gazanylýandygyna buýsançlary goşalandy.

«Aşgabat».