Sanly ulgam Ýaragly güýçlerimiziň binýadynda

17 Iýul 2024
661

Häzirki wagtda sanly ulgam biziň gündelik durmuşymyza düýpli ornaşdy. Ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň ählisi diýen ýaly sanly ulgamyň hasabyna amala aşyrylýar. Bellenilişi ýaly, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, iň täze enjamlaryň hem-de programma üpjünçiliginiň herekete girizilmegi, maglumat serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy bilen bir hatarda, harby ugurda-da sanly ulgama geçilmegi dolandyryş babatynda düýpli özgerişleri göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bu maksatnamalaýyn resminamada bellenilen wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin zerur çäreler ýerine ýetirilýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde sanly ulgama geçmek boýunça alnyp barylýan düýpli işleriň mysalynda-da görmek bolýar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň milli goşunynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar. Şol bir wagtda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny barha ýokarlandyryp biljek sanly ulgamyň mümkinçilikleri öwrenilýär. Şol nukdaýnazardan hem ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmäge gönükdirilen, uzak aralykdan dolandyrylýan, awtomatlaşdyrylan häzirki zaman ulgamlara uly üns berilýär. Watan goragçylarynyň hünär ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyny artdyrmak, olaryň gury ýerde, howa giňişliginde, deňizde harby sungatyň täze öňdebaryjy usullaryny, söweşi alyp barmagyň tärlerini ulanmak arkaly, sazlaşykly hereketleri ýerine ýetirmegi başarmaklaryny gazanmak üçin geçirilýän okuw-türgenleşiklerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berilmegi bellärliklidir.

Döwletmyrat MEREDOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy, maýor.