Inçe senetden beýik sungata çenli

11 Iýul 2024
623

Ýurdumyzda medeniýet işgärleriniň hünär baýramynyň uludan toýlanýan günlerinde paýtagtymyzyň iň owadan ýerleriniň birinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyny synlap oturyşyma, juwan ýaşlygyň süýji günlerine dolaýan bu ýatlama hakydama şol günki ajaýyplygy bilen doldy. Elbetde, ondan öň hem çykyşlar bolandyr. Ýöne men ony, ol gün ilkinji gezek mawy ekranda synlap, ünsüm düşen pursadym edil şu günki ýaly bolup gözümiň öňüne gelýär. Syrdam syratly, ak ýüzli, maral gözli, şirin owazly gyz ol gün serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň «Men senden özgäni söwer ýar etmen» diýen aýdymyny ýerine ýetiripdi. Başy gültahýaly, şamar gara saçy iki örülip öňüne sallanan gyzyň mahmal owazy, şirin labzy bada-bat ünsümi özüne çekipdi. Çaga-da bolsam, şol wagtky türkmen estradasyna «täze gelen nowgülüň» howalasynyň üýtgeşijek täsirini duýanym häzirki ýaly ýadymda. Il-gün edil terezi mysaly. Ussatlyk derejäňe derrew baha berýär. Şol üýtgeşikligem, köplerden saýlanmaklygam ussat halypany şeýle derejeli günlere ýetirdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ruhubelent şygarly ýylda şunuň ýaly ajaýyp sungat ojagynyň bina edilmegi milli medeniýetiň ösüşiň möhüm ugry hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

«Dokmaçylar» medeni merkeziniň ýurdumyzda gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylan medeniýet we sungat edaralarynyň üstüni sazlaşykly ýetirendigini buýsanç bilen bellemek bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz yhlasyndan bina bolan ajaýyp Arkadag şäheriniň özi bu aýdylanlary doly tassyklaýar. Medeni-ynsanperwer edaralarynyň milli ulgamynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýän köşk ýaly medeniýet we sungat ojaklarynyň birnäçesi Köpetdagyň taýsyz gözel künjeginde bina edilen ak mermerli täze şäheriň görküne gaýtalanmajak görkanalyk çaýýar.

Jahan ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».