«Kompozitoryň» ýaşajyk artistleri

11 Iýul 2024
624

Saz ynsanyň kalbyny heýjana getirýär. Saz ynsanyň ruhy dünýäsine gözellik çaýýar. Ezelden adam jana gelende hem sazyň şirin owazynyň üsti bilen gelendir. Şonuň üçin saz gudratly sungat hasaplanýar. Ol ynsany hemişe özüne bendi edýär, duýgulandyrýar, şatlandyrýar, begendirýär. Şeýle gudratly sungat hakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Kompozitor» atly filmi surata düşürdi. Filmde hassanyň sazyň owazyna agyr keselden aýňalşy, sazyň gudratly täsiri giňden beýan edilýär. Onda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň we Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary surata düşdüler. Şol okuwçylaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Käbe Mämiýewa we Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Resul Derýaýew esasy keşpleri janlandyrdylar. Ýaş, zehinli fortepianoçy okuwçylar öz artistlik ukyp-başarnyklary bilen tomaşaçylarda ýakymly duýgy döretmegi başardylar. Resul Derýaýew filmiň baş gahrymany, kompozitor Merdanyň çagalygyny janlandyrsa, Käbe Mämiýewa Merdanyň gyzy Dilşadyň keşbinde oýnady. Bu bolsa saz sungatyna höwesli okuwçylaryň durmuşynda täze sahypa bolup açyldy. Indi ýaşajyk sazandalar kino sungaty bilen saz sungatyny sazlaşykly öwrenmegiň arzuwynda. Ynsan durmuşyna özüniň uly täsirini ýetirýän saz sungatynyň ýaşajyk wekilleri bolan Resul bilen Käbe geljekde artist bolmagy maksat edinýärler.

Dünýägözel ANNANYÝAZOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.