Mälim bolşy ýaly, 6-njy iýulda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi. Munuň özi ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine ýardam etjek wakadyr.
BMG bilen 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri dowam edýän hyzmatdaşlygymyz ikitaraplaýyn bähbitlerden hem oňyn netijelerden güýç alýar. Ol birek-birege ynanyşmagyň, hormat goýmagyň, düşünişmegiň mizemez esaslarynda alnyp barylýar. Şol köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek we pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda berk eýerýän ýörelgeleridir. Çünki Türkmenistan BMG-ä we onuň ýöriteleşdirilen düzümlerine ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde esasy kuwwatlandyryjy hökmünde baha berýär. Ýurdumyz bu düzümiň halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşuldy. Bu bolsa bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Şeýle hem döwletimiz BMG tarapyndan ruhlandyrylýan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Onuň bu abraýly guramanyň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna hem-de birnäçe komissiýalarynyň, komitetleriniň, geňeşleriniň agzalygyna ençeme gezek saýlanylmagy-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelerinden kanagatlanylýandygynyň özboluşly ykrar edilmegidir.