Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen baran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz 4-nji iýulda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astana şäheriniň merkezinde, Turan köçesiniň ugrunda oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde eziz Watanymyzyň çeper medeniýeti düýpli esasda öwrenilýär. Bagtyýar zamanamyzda ýurdumyzyň çäklerindäki taryhy-medeni ähmiýetli sungat ýadygärliklerinde ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň şöhratly taryhymyzy, medeni mirasymyzy we adamzat siwilizasiýasynyň irki döreýiş tapgyrlaryndan gözbaş alyp gaýdýan şekillendiriş sungatyny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyryp öwrenmegi üçin giň ýol açyp berýär.