Bagtyýar çagalygyň, asuda, bolelin durmuşyň gujagynda erkana ýaýnaýan şadyýan çagalaryň mekanyna öwrülen gözel Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar. Çagalaryň durmuş goraglylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Ata Watanymyzyň aýdyň ertirleriniň eýeleri, bagtyýar halkymyzyň dowamaty hasaplanýan çagalaryň kämil bilim-terbiýe almaklary, sagdyn bedenli, milli ýörelgelerimize ygrarly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesillerimiziň aýratyn ukyp-başarnyklaryny, ýiti zehinlerini ýüze çykarmak, saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmekleri üçin ýurdumyzda döredijilik bäsleşikleri, festiwallar yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda we dünýä derejesinde geçirilýän abraýly halkara sport ýaryşlarynda hem bagtyýar nesillerimiziň gazanýan üstünliklerine şaýat bolýarys.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak babatda edilýän tagallalar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Bu babatda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýýar. Ýurdumyz bilen ÝUNFPA, ÝUNISEF hem-de BSGG ýaly abraýly halkara guramalaryň arasynda eneleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça uzak möhletleýin maksatnamalar hereket edýär.