BMG-niň Baş Assambleýasy emeli intellekt teklibi kabul etdi

3 Iýul 2024
352

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy, Hytaýyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Fu Kong tarapyndan teklip edilen taslamany kabul edip, emeli intellekt kuwwatyny ösdürmek üçin halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek kararyna geldi.

BMG Baş Assambleýasy Hytaý tarapyndan emeli intellekt kuwwatyny ösdürmek hem-de aç-açanlyk we adalatlylyk ýörelgelerine esaslanan iş gurşawyny goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin teklip eden kararyny kabul etdi.