Ýol üstünde «Goşa çynar»

30 Iýun 2024
802

Adama peşgeş berlen aýratynlyklaryň biri döretmek ukybydyr. Ine, şol berlen ukybyň, başarnygyň esasynda dünýämiz häzirki ýagdaýyna geldi. Täzelikler, ösüş we özgeriş adamzat jemgyýetiniň ähli döwrüne mahsusdyr. Ösüşe itergi berýän şertler bolsa adamyň has kämil zatlary döretmek meýlinden gelip çykýar. Ömrüniň bar manysyny umumadamzat, halk ähmiýetli işlere baglaýanlaryň bolsa bu babatdaky jogapkärçiligi duýşy başgaça bolýar. Olar haýsy käriň eýesi bolsalar-da, öz ugry boýunça il bähbitli işleri ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalary gaýgyrmaýan ynsanlardyr. Şeýle dogumly ynsanlaryň biziň ata Watanymyzda bolçulygy döretmek ugrunda ýerine ýetirýän işlerini görüp, bilip, olara öz ýanyňdan buýsananyňy duýman galýarsyň.

 Goşa çynardan gözbaş  alýan önümçilik

Bägül BERDIÝEWA, «Biznes reklama».