Milletiň döredijilik kuwwaty

26 Iýun 2024
583

Bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan ýurdumyzda medeni mirasymyzy ylmy jähetden öwrenmek, sungatymyzy dünýä ýaýmak üçin uly aladalar edilýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gelýän milli medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýulmagy medeniýet we sungat işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Türkmen tans sungaty hem öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. “Küştdepdi” tansyny alyp görenimizde, ol geçmişden geljege uzaýan sungatdyr. Häzirki taryhy döwürde bu sungat täze röwüşde dowam etdirilip, toý-baýramlarymyzyň bezegidir. «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi milli tans sungatymyzyň giňden tanalýandygyny subut etmek bilen, agzybir halkymyzyň ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Amangözel ORAZBERDIÝEWA,
welaýat medeniýet merkeziniň tans goýujysy.