Magtymgula barýan ýollar

25 Iýun 2024
616

Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna — türkmen halkynyň dana ogullary Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň guburyna zyýarata gidýän edebiýat we sungat, medeniýet işgärlerinden ybarat türkmen wekiliýetiniň düzümine goşulandygymy aýdanlarynda begenjimden ýaňa depäm gök diredi. Aşgabat demir ýol menzilinden dabara bilen ýola düşenimizde, biziň bilen gidip barýan ak sakgally, nurana gojalaryň biriniň aýdan sözi ýüregime jüňk boldy:

— Öňki döwrüň taryhçylary taryhy wakalary ýazanlarynda aýratyn şanly wakalary altynsow reňkli zagpyran syýa bilen ýazýan ekenler. Şu günem altyn harplar bilen ýazylmaly gün! — diýdi.

Şöhrat ABDYÝEW.
Aşgabat — Aktokaý — Aşgabat.