Köňülleri buýsandyran ajaýyp sowgat

25 Iýun 2024
744

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň dabaralara beslenýän günlerinde, has takygy, 25-nji iýunda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka medeniýet we sungat işgärlerini tüýs ýürekden buýsandyrdy.

Bu dabarada ata Watanymyzy we häzirki ajaýyp döwrümizde üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli ösüşlerdir özgertmeleri, gazanylýan üstünlikleri wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Medeniýet, sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň ajaýyp çykyşlary Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde oňa gatnaşýanlara, şeýle hem ähli watandaşlarymyza sowgat boldy. Şeýle hem belent ruha beslenen aýdym-sazlarda we ajaýyp çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň häzirki döwürde ýeten belent derejesiniň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam edýän asylly, beýik işleriniň waspy ýetirildi.

Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar gazeti».