Älemiň çyragy kitap

12 Iýun 2024
823

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşini pugtalandyrmak, kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Halkymyz durmuş taýdan gülläp ösýän, syýasy we ykdysady taýdan pugtalanýan asuda Watanymyzda ruhubelentlikde ýaşap, döredijilikli zähmet çekýär. Bilimi, ylmy ösdürmek, ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän tutumlar hem bellenilmäge mynasypdyr.

Ynsanyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynyň esasy bolup durýan medeniýet hakynda gürrüň edilende, akyl-paýhas hazynasy bolan kitap göz öňünde janlanýar. Çünki kitap adamlary, jemgyýeti kämilleşdirmekde gymmatly ruhy serişde bolup durýar. Kitaplaryň terbiýeçilik ähmiýeti hem ýokary bolup, ündelýän pikirler ynsany diňe ýagşy ýola atarýar.

Gurbangül Jumajanowa,
Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.