Kämilligiň berk binýady

11 Iýun 2024
897

Golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ýurduň ykdysadyýetinde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak hem-de «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasion önümleriň önümçiligini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hem-de ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky diýip atlandyrmak bellenildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda ylmy barlaglaryň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meselelerine uly ähmiýet berildi. Şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, ylym-bilimiň ýokary ösüş derejesiniň dürli ugurlarda alymlaryň özara hyzmatdaşlygyna, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns çekilip, olary maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, intellektual ulgamlar ýaly ugurlarda ulanmagyň milli we halkara tejribesi beýan edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Ylmyň ähli ugurlary bilen birlikde ynsanperwer ylymlaryny alyp barmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda hem milli mirasymyzy, golýazmalarymyzy, ýazyjydyr şahyrlaryň edebi eserlerini ylmy taýdan öwrenmek, täze pikirleri ýüze çykarmak ugrunda ylmy derňew işleri alnyp barylýar. Her bir halk dünýäde özüniň milli medeniýeti, taryhy, dili, edebiýaty, halk döredijiligi, ýazyjydyr şahyrlary we başga-da birnäçe şahsyýetleri bilen tanalýar. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragy hem özüniň umman ýaly giň döredijiligi bilen dünýäniň köp ýurtlarynda belent sarpa eýedir. Üç asyra golaý wagt geçse-de, şahyryň goşgulary öz ähmiýetini ýitirmän, nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde:

Şemşat REJEPOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.