Biotehnologiýa — ylmyň möhüm ugry

7 Iýun 2024
876

Döwrebap ykdysady ösüş, esasan, üç ugur, ýagny biotehnologiýa, nanotehnologiýa hem-de maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň esasynda ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak babatda ýokary derejeli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 10-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Karara gol çekip, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamagy ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işlere täze depgin berdi.

Biotehnologiýa mikroorganizmleri senagatda ulanmaga gönükdirilen innowasion ylmy-tehnologik ösüşiň wajyp ugurlarynyň biri bolmak bilen, ylmyň we önümçiligiň çalt ösýän köptaraplaýyn hem-de toplumlaýyn pudagyna öwrüldi. Biotehnologiýa senagat biotehnologiýasyny, genetik we öýjük inženeriýasyny öz içine alýar. Ol oba hojalygynda, senagatda we gündelik durmuşda ulanylýan serişdeleri almakda, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda ykdysady taýdan bähbitlidir.

Hojamyrat IŞANKULYÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylym bölüminiň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.