Uçar ganatym — bedew

15 Aprel 2024
1798

Dünýäniň ähli gözelligini özünde jemleýän ahalteke bedewini ýakyndan synlamagyň özi uly bagt. Bedewe atlanmak bolsa uly dereje. Her ýyl ýurdumyzda geçirilýän ýazky hem-de güýzki at çapyşyklara ýaş nesliň wekilleriniň gatnaşmaklary-da begenjiňi, buýsanjyňy goşalandyryp, ýüregiňi joşa getirýär. Biz bedew atlara bagyşlanan çeper eserleri okap, olar baradaky filmlere tomaşa edip, atlaryň ganatlydygyna göz ýetirýäris. Bedew at — ýigidiň maksat-myrady. Şonuň üçin türkmen halky «At — myrat» diýýär. Ynsanyň iň ýakyn dosty, hemrasy bolan bedew öz eýesini maksat-myradyna ýetirýär.

Halkymyzyň ýaşaýşynyň ähli döwürlerinde gamyşgulak bedewlerimiz şan-şöhratly taryhymyzy bezäp gelipdir. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewleri halkymyzyň genji-hazynasydyr, köňül buýsanjydyr we milli mirasydyr. Muňa türkmen halk döredijiliginde «At agynan ýerde toý bolar», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Aty baryň ganaty bar» ýaly nakyllardyr atalar sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Söýenç AHMEDOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy, akademiýanyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy.