Köňüller şatlanyp, ruhlar galkyndy

16 Mart 2024
1135

Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda — 16-njy martda Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjyna eýerip, bag daragtlaryny ekmek dabarasyna işjeň gatnaşdylar.

Şu gün welaýatymyzda ýazky bag ekişlik dabarasy Türkmenabat — Seýdi awtoulag ýolunyň ugrunda Çärjew etrabynyň täze gurulýan şäherçesiniň golaýynda geçirildi. Aýdym-sazlaryň şirin mukamy bag ekmäge gelenleriň iş keýplerini we ruhlaryny belende göterdi. Il sylagly ýaşululardyr kümüş saçly eneler, edara-kärhanalaryň işgärleridir ýaşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ilatynyň il-ýurduňy, tebigaty söýmek ýaly ajaýyp sypatlarynyň ýüze çykmasy hökmünde kemala gelen bag ekmek ýaly dabaraly däbi berjaý etmäge höwes bilen gatnaşdylar.

Ilmyrat  ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.