Eýýäm 18-nji gezek öňdebaryjy boldy

25 Fewral 2024
900

«Samsung» kompaniýasy 2023-nji ýylda yzygider 18-nji ýyl telewizor bazarynyň lideri boldy. Bu barada «Omdia» analitik firmasynyň täze hasabatyna salgylanyp, «SamMobile» neşiri habar berýär.

Hasabata görä, 2023-nji ýylda «Samsung»-yň dünýäniň telewizor bazaryndaky paýy 30,1 göterime deň boldy. Geçen ýyl kompaniýa 8,31 million «QLED» we «Neo QLED» telewizoryny satdy. 2017-nji ýylda ilkinji «QLED» telewizorlary çykyp başlaly bäri, «Samsung» şeýle gurluşdan 44 milliondan gowragyny satdy.

Taýýarlan: Aýna ÖWLÝÄGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň diller kafedrasynyň mugallymy.