«Ýaşyl ykdysadyýet» diýlende, ilki bilen, tebigat, daş-töweregimizi gurşap alýan giňişlik göz öňümize gelýär. Çünki adamyň hojalyk işleri, güzerany üçin tebigatdan peýdalanmagy oňa belli bir derejede täsirini ýetirýär.
Bu köplenç ýurduň ykdysady ösüşine gönüden-göni bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, soňky döwürde dünýäde «ýaşyl ykdysadyýet» ýörelgesiniň derwaýys meselä öwrülmegi netijesinde ony oňyn çözmek üçin dürli garaýyşlar kemala geldi. Bu babatda biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler nusga alarlykdyr.