Abadançylygyň ak ýoly

12 Dekabr 2023
1511

Düýn Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli uly dabaralar geçirildi. Bu ajaýyp baýram parahatçylygyň we asudalygyň belent waspydyr. Dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidip, asuda we abadan durmuş üçin hyzmatdaşlyk etmek türkmeniň ata-baba dowam edip gelýän asylly ýörelgeleridir. Bitaraplyk düşünjesiniň esasynda hem halkymyza mahsus bolan parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, ynanyşmak, asudalyk ýaly gymmatlyklar orun alýar. Bu günki gün halkymyz hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, pähim-parasata ýugrulan içeri hem-de daşary syýasatyna daýanyp, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa Watanymyzyň abadançylygynyň kepili hökmünde dünýä nur saçýar.

Hemişelik Bitaraplyk halkymyza tükeniksiz bagt eçildi. Ýurdumyza dünýäde we sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşmaga, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Türkmen halky Bitaraplygyň beren şeýle giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly ösüşlere eýe boldy. Ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we ylym-bilim ulgamlarynda düýpli özgertmeleri amala aşyrdy.

Batyr GUTLYMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.