Ylym — bagtyň açary

29 Noýabr 2023
1587

Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge we  ökde hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Sebäbi ylym-bilim bilen üstünlikli hem ýeňişli ýollar geçilýär. Hut şonuň üçinem ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak baradaky işler munuň subutnamasy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda konsepsiýalaryň, maksatnamalaryň kabul edilmegi we düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi ylym-bilim ulgamynyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň, bilimiň we sanly tehnologiýalaryň giň mümkinçilikleri ýurdumyzyň ähli taraplaýyn ösüşine gönükdirilýär. Bilşimiz ýaly, innowasion tehnologiýalar we sanly ykdysadyýet ylmy esaslara daýanýar. Şol sebäpli hem ýurdumyzyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak we dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, sanly maglumatlar goruny döretmek babatda yzygiderli işler alnyp barylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem ylym-bilim ulgamyny ösdürmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenilýär.

Gurbangeldi GARAGELDIÝEW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.