Elektromobiller — ekoabadançylyk

2 Noýabr 2023
1181

Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň berilmegi şäheriň öňünde innowasion ösüşleriň iň häzirki zaman tejribesi hökmünde täze mümkinçilikleri açýar. Biz munuň şeýledigini gurlup ulanmaga berilýän binalaryň döwrebap aýratynlyklarynda hem görýäris.

Bu babatda şähergurluşygynyň aýrylmaz bölegi bolan sanly ulgam, ekologiýa abadançylygy, «ýaşyl» tehnologiýa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hut şu aýratynlyklar hem bu şäheri «geljegiň şäheri» adyna eýe edýär. Arkadag şäheriniň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikde ýerleşýändigi nazara alnyp, bu ýeriň tebigy gözelligini saklamak üçin «ýaşyl» tehnologiýalara uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegini hem nazarlaýar. Şeýle işler şäheriň arassaçylygy, ekologiýa howpsuz täsirler we geografik ýerleşişi bilen sazlaşykly ýola goýlandyr. Çünki şäher gurluşygynda we durmuşynda iň döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy, sanly ulgamyň mümkinçilikleri, elektrobuslardyr elektromobiller bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalary ösdürmäge mümkinçilik döredýär.

Muhammetgeldi ÇOPANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy, tehniki ylymlarynyň kandidaty.