Ekologiýa abadançylygy

1 Noýabr 2023
1005

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine bagly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alyp barýan parahatçylyk ýörelgesi dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Türkmenistan daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselelerini halkara derejede çözmäge işjeň gatnaşýar. Hususan-da, Aral deňzini halas etmek, sebitiň durmuş-ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak uzak ýyllaryň dowamynda sebit derejesinde üns berilmegini talap edýän mesele bolup durýar. Ýurdumyz ekologiýa howpuny azaltmak ugrundaky tagallalary birleşdirmekde işjeň çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15-nji sentýabrynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan geljekde-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine hem-de daşky gurşawy goramaga, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş eder» diýip belledi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Resminamada daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Aral deňzi sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, Aralyň ýaramaz täsirini peseltmek, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Döwletimiz Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Düzgünnamasyna laýyklykda, sebit we döwletara hyzmatdaşlygyna ygrarly bolmak bilen, Aral ýakasynda durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitleýär.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.