Ýurdumyzyň derýalarynda, howdanlarynda we köllerinde balyklaryň 126-a golaý görnüşi ýaşaýar. Ihtiologlaryň maglumatlaryna görä, Hazaryň türkmen böleginde balyklaryň 61 görnüşi duş gelýär. Olaryň aglabasy bekreleriň, kefallaryň, azatmahylaryň, karplaryň, takgazlaryň we beýleki gymmat bahaly balyklaryň maşgalasyna degişlidir.
Wolga takgazy gymmatly senagat görnüşi bolup, Hazar deňziniň hemme ýerinde duşýar we türkmen suwlarynda göçýän wagty gabat gelýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen bu balyk gyşyna deňizde 12-25 metr çuňlukda gezip iýmitlenýär, ýazyna işbil taşlamazdan öňürti toplum--toplum bolup üýşýär. Ýaşaýyş dowamlylygy 6-7 ýyldyr. Derýalarda köpelip, işbillerini bölekleýin, üç gezek taşlaýar. Liçinkalary az wagtlap derýada ýaşaýar, 4-6 santimetre ýetenlerinden soň deňze geçýär. Wolga takgazy leňňeçşekilliler, mör-möjekleriň liçinkalary we owunjak balyklar bilen iýmitlenýär.