Kitap deňsiz-taýsyz gymmatly hazyna bolmak bilen, ynsanyň aňyny ösdürmekde, labyzly okaýşyny, sazlaşykly sözleýşini, okan, öwrenen zatlaryny durmuşa ornaşdyrmak ýaly endikleri kemala getirmekde gymmatly serişde bolup hyzmat edýär. Ol adamyň ruhy dünýäsine egsilmez güýç-kuwwat berýär. Kalplara barýan ýol kitaplardan gözbaş alýar. Akyldar şahyrymyz, paýhas äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Kitaby söýmek, oňa sarpa goýmak biziň milli ýörelgämizdir. Öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan halkymyz taryhyň ähli döwürlerinde ruhy-medeni gymmatlyklarymyza, paýhas hazynamyz bolan kitaplarymyza uly hormat goýupdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, edebi mirasymyzy döwrebap ösdürýän we adamzadyň ruhy gymmatlygy bolan kitaba belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.