Geljegi uly himik

23 Iýun 2023
1859

Türkmenlerde «Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor — müňini» diýen parasatly söz bar. Bu pähim türkmeniň owal-ahyrda ylma, bilime teşnedigini, sowatly adamlara hormat goýýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, sözüň doly manysynda, ylymlaryň we bilimleriň eýýamyna öwrüldi.

Mährijemal Gündogdyýewa Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy. Daşyndan seredeniňde ol öz deň-duşlaryndan o diýen saýlanyp baranok, adaty mekdep okuwçysy. Ýöne onuň bilen himiýa hakynda gürrüň etseň, ony deň-duşlaryndan tapawutlandyrýan, nähilidir bir aýratynlygyň bardygy äşgär bolýar. Mährijemal öz geljegini ylymsyz asla göz öňüne getirip bilmeýär. Täze ylmy açyşlary edip, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmak — Mährijemalyň baş maksady. Yhlasly gyzyň uly himik bolmak arzuwy öz miwesini hem eçilip başlady. Ol üstümizdäki ýylda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleriň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda himiýa dersi boýunça 2-nji orna mynasyp boldy. Ýakynda bolsa Mährijemal Özbegistanyň Hywa şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Abu Reýhan Al Biruny adyndaky halkara olimpiadasynda bürünç medalyň eýesi boldy. Bäsleşige 15 ýurtdan 110-dan gowrak ýaş himikleriň gatnaşandygyny ýatlasak, onda Mährijemalyň geljekde, hakykatdan hem, uly himik bolmaga ähli mümkinçiliginiň bardygyny uly ynam bilen aýtsa bolar.

Merjen ÝAZLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby, «Watan».