Röwşen geljegiň goragynda

31 Iýul 2021
1983

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda çagalygy goramak, çagalaryň hem-de ýaşlaryň saglygyny, hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin maddy hem durmuş ýeňillikleriniň köptaraplaýyn ulgamy, ygtybarly hukuk kepillikleri döredildi.

Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan ýaş raýatlar üçin durmuşda oňaýly şertleri üpjün etmek baradaky meselelere has jogapkärli çemeleşip gelýär. Ýurdumyz dünýäniň 190 döwletiniň hatarynda BMG-niň çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny tassyklap, olaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we bähbitleriniň goralmagyna degişli borçnamalary gyşarnyksyz berjaý edýär.

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, hukuk ylymlarynyň kandidaty.