Tagzym size, mähribanlar!

25 Iýul 2021
1930

Her gezek hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny elime alanymda, üýtgeşik duýgyny başdan geçirýärin. Eneler baradaky ähli ajaýyplyklaryň özenini özünde jemlän bu kitaby okan islendik adamda eziz käbäňe bolan çäksiz duýgyňy söz bilen, aýdymdyr saz bilen beýan etmäge itergi berýän güýç kemala gelýär. Şonuň üçin hem bu duýguly kitapdan täsirlenen adamlar öz käbeleri hakda zybanlaryndan dür saçyp, redaksiýamyza dürli žanrdaky makalalaryny yzygiderli ýollap durýarlar. Ene hakda ýazylan makalalaryň haýsy birini okasaň-da, süýjüden-süýji söhbetler gözüňi ýaşladyp, mähriban käbelerimiziň mukaddesdigini, keramatdygyny ýene bir gezek aýan edýär.

Ýyllar aýlanyp, döwürler bizi çagalyk ýyllarymyzdan barha daşlaşdyrýar. Ýöne her gezek çagalyk döwrümiziň wakalaryny ýatlanymda, ejem janyň hozanak bolup, aladaly ýörşi göz öňümde janlanýar. Ejemiň maşgalasyna, çagalaryna, öý-ojagyna bolan yhlasyny şol wagt duýmadyk hem bolsak, indi özümiz eje bolup, maşgalanyň keşigi başymyza düşende oňa çuňňur akyl ýetirýäris. Ynha, garşymda oturan ýetmişiň onlugyny tegeläp barýan ejem janyň maňlaýyna düşen gasyn-gasyn ýygyrtlaryny oňa bildirmezden synlaýaryn. Kümüş zeri sepilen ýaly ak saçlary ýaşyna ýaraşyk berse-de, birwagtlar golaň ýaly uzyn saçly gelin bolup gezen günleri ol has owadan görünýärdi. Ol wagtlar gelinler saçyny uzaboýa örüp, ýeňsesinden goýberip, üstünden öýme atynyp gezerdiler. Bir gezek ejem saçyny öýmesiniň içine ýygnap, toýa gidermen bolup durka, enemiň oňa gözi düşüp: «Gelin, saçyňy ýygnapsyň-la, näme agyr bolýarmy, özüňe gelişýän zady ederler» diýip, hem talap, hem haýbat äheňinde aýdany çaga bolsam hem şu günki ýaly ýadymda. Ejem biz ulugyz çykan wagtymyz hem enemiň şol aýdanlaryny birnäçe gezek aýdyp berip, gulagymyza guýardy, enemi käýindirenine gynanardy. Ynha, indi şol towlanyp duran gara saçlar tebigatyň kada-kanunyna boýun bolup, reňkini üýtgedipdi. Aklyk, päklik, gartaňlyk, garrylyk. Aslynda, aýdymda: «Garrasak biz garraly, sen garrama, eje jan!» diýilmesi ýöne ýerden däl. Biz käbelerimiziň elmydama juwan görküni saklamagyny isleýäris. Garşymda nura beslenip oturan ejemi ýene bir gezek assyrynlyk bilen synlaýaryn: «Uzak ýaşa käbäm, ýüzüň nury kemelmesin, çagalaryňa guwanyp ýaşa!»

Maýsa TAÝJYKOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar