Terbiýe bermegiň ähmiýetli ugry

1 Iýun 2021
1818

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, geljegimiz bolan çagalarda döwrebap bilimi, giň dünýägaraýşy, sagdyn pikirlenmegi kemala getirmek üçin hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Aýratyn hem ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhda, kämil ýetişmegi üçin bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işini pugtalandyrmak boýunça uly çäreler durmuşa geçirilýär.

Psihologiýa bilimleri terbiýede aýgytlaýjy orny eýeleýär. Şoňa baglylykda mugallym her bir okuwçynyň psihologiýasyny öwrenip, terbiýe beriş işinde ondan doly peýdalanýar. Mugallymyň psihologik, pedagogik tejribesi okuwçylaryň diňe bir sapakda däl, eýsem, olaryň dynç alşyny guramakda, wagtlaryny peýdaly geçirmeklerinde hem möhümdir. Ýaş aýratynlyklaryna baglylykda mekdep ýaşly çagalaryň ösüşinde indiwidual psihofiziologik hadysalar bolup geçýär. Çaga sosial gurşaw hem uly täsir edýär. Sosial gurşawyň oňyn häsiýetde bolmagyny gazanmak mugallymyň we ata-enäniň paýyna düşýär. Kähalatda, ulularyň üns bermeýän ýönekeýje ýagdaýlary çagalar üçin kynçylyk döredýär. Bu ýerde mugallymyň psihologik tejribesi kynçylyklary çaganyň psihikasyna zyýan ýetirmezden çözmäge mümkinçilik berýär. Mekdep bilim beriş edarasy hökmünde başlangyç, orta, ýokary synplara bölünýär. Eger-de mugallym özüni alyp baryş ussatlygyny görkezip, okuwçylar bilen dogry aragatnaşyga girip bilse, olaryň oňyn kemala gelmegine doly ýardam edip biler.

Selbi ATAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar