Bilim — bagtyýarlygyň şuglasy

31 Ýanwar 2021
1275

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ylym-bilime aýratyn üns berilýär, ýaşlara döwrebap bilim berilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Biziň ýaşaýan döwrümiz ylmy-tehniki ösüşleriň asyrydyr. Hut şonuň üçin ylmyň häzirki gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar bu gün dünýäniň her bir ýurdunyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini, geljegini kesgitleýän görkezijileriň esasy bolup durýar» diýip belleýär.

Gahryman Arkadagymyz başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenleri taýýarlamagy, ýaşlary milli ruhda terbiýelemegi esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitleýär. Ýurdumyzda kämil hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek babatdaky tagallalaryň gerimini mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygy nazarda tutulyp, dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime güýçli depginde ornaşdyrylýar. Döwlet tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegine her ýyl uly möçberdäki serişdeleriň goýberilýändigini hem aýtmak gerek.

Tirkiş REJEPOW,
H. Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar