Eşek, horaz hem geçiniň döwleri aldaýşy

19 Ýanwar 2021
1565

(Türkmen halk ertekisi)

Eşek, horaz, geçi üçüsi dost bolupdyr. Bir köne horjunyň gözüni külden dolduryp, eşegiň üstüne ýükläp, üstüne-de horazy mündüripdirler. Geçi öňünden ýöräp, eşek üsti horazly yzragyndan gidip barýan. Bir galanyň içinde üç sany baý döw bar eken. Dostlar: «Heý, şulary aldap, zat alyp bolmazmyka?» diýşip, şolaryň üstüne ugraýarlar. Döw halky ynanjaň bolarmyş. Geçi eşek bilen horazdan ozup, galanyň içine girse, ynha, üç döwüň üçüsi hem otyr, üç gazan tüwi hem buglanyp duran eken. Geçi salam berip baran.

Beýleki habarlar