Goraghanadaky sapak (Hekaýa)

18 Ýanwar 2021
2032

Hemişeki ýaly okuwdan gelşine, ylgap gapydan giren Ahmet öýde kakasynyň kimdir biri bilen gürleşýän sesini eşidip, biraz diňşirgendi. «Beh, öz-ä tanyş ses. Kakam kim bilen gürleşýärkä?» diýip, içini gepletdi. Birdenem tebigaty öwreniş dersinden okadýan Myrat mugallymdyr öýdüp, ziňkildäp gitdi. «Eý-waý, indi näderkäm?! Myrat mugallym meniň ikiligim barada kakama aýtmaga öýe geläýipdir» diýip, öz otagyna tarap ýöneldi. Ahmetjik mugallym gidýänçä öz otagynda ümsüm oturdy, emma ýerinden turanda, hälki ýere oklan ýantorbasyna büdräp ýykylmagy jaýyň içindäkileriň ünsüni özüne çekdi. Gapydan kakasynyň seredip durandygyna gözi düşeninden Ahmet tisginip gitdi.

Kakasy:

Amangözel GUWANÇMYRADOWA,
«Güneş».