Ogul terbiýesi

13 Ýanwar 2021
1666

(Hekaýa)

Hydyr aga bilen Nabat eje dört ogly, üç gyzy ösdürip ýetişdirdiler, kemala getirdiler. Şanurdan beýlekileri ýokary, orta hünär okuw mekdeplerini tamamlap, öz saýlan kärlerinde abraý bilen işläp ýördüler. Şanur welin işýakmaz bolup ýetişdi. Haýsy edara ýa-da kärhana işe ýerleşse-de, uzak işlemeýärdi. «Ýolbaşçysy gowy adam däl», «Halaýan kärim däl» diýen ýaly bahanalar bilen işden çykyp gaýdýardy. Öýli-işikli, çagaly-çugaly ogullarynyň işýakmazlygy Hydyr agadyr Nabat ejä agyr degýärdi. Oňa näçe öwüt-ündew etseler-de, peýda bermeýärdi. «Öwrenen gylyk örkleseň-de durmaz» diýleni. Herhal, aýaly Jereniň işleýändigi maşgalanyň güzeranyny dolandyrmaga ýardam edýärdi.

Amanmyrat MAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.