Baky Bitaraplyk — türkmeniň bagty

13 Dekabr 2024
173

Şeýle at bilen welaýat kitaphanasynda Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkanabat şäher geňeşiniň guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa saglygy goraýyş işgärleri, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary, ýaşlar gatnaşdylar.

«Berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan Bitaraplygymyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmekde, dünýä halklaryny dostlaşdyrmakda ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň dünýädäki ornuny pugtalandyrmak, halklaryň agzybirligini, asudalygyny, howpsuzlygyny üpjün etmek, parahatçylygy dabaralandyrmak boýunça alynyp barylýan işler rowaçlyga beslenýär» diýlip, çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi. Agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary baky Bitaraplygymyzy, ata Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.       

Simnas Kubatowa,
Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy.