Iň gowy mekdep (Iňlis tymsaly)

5 Dekabr 2024
214

Bir maşgala täze şäherçä göçüp barypdyr. Olar ilki bilen çagalary üçin gowy mekdebiň gözlegine çykypdyrlar. Çagalaryň ene-atasy şäherçäniň merkezine golaý ýerdäki mekdebi saýlap tutupdyrlar. Emma çagalaryň atasy olara entek howlukmazlygy maslahat beripdir.

Ertesi güni goja agtyklarynyň birini ýanyna alyp, şäherçä aýlanmaga çykýar. Öýlerine golaýdaky ilkinji mekdebe baranda, bularyň daşlaryny okuwçylar gurşap alýarlar-da, agtygynyň daş sypatyna söz tapyp, gülşüp ugraýarlar. Özüne barmysyňam diýmän, eýläk-beýläk ylgaşyp ýören bitertip çagalary synlap, başyny ýaýkan goja howludan çykyp gaýdýar. Şondan soňky baran mekdeplerindenem gojanyň göwni suw içmeýär. Ahyrsoňy bular kiçijik howlynyň içinde ýerleşýän mekdebiň üstünden barýarlar. Halys ýadan goja demini dürsemek üçin baglaryň birine elini diräp, biraz säginýär. Ol barmana jaň kakylyp, okuwçylar ylgaşyp çykýarlar. Goja gözleri düşendenem gelip, onuň daşyny alýarlar. Olar ýerli-ýerden goja bilen salamlaşansoňlar:

Iňlis dilinden terjime eden Jümegül BAÝRAMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň öwreniji mugallymy.