Magtymguly we dünýäniň saz medeniýeti

26 Noýabr 2024
209

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Öz goşgularynda halkynyň beýikligini we sabyr-kanagatlylygyny, buýsanjyny we köňül sahawatyny, erkinlige bolan söýgüsini hem-de tutanýerliligini wasp edip, onuň kalbyny şygryýetde bütin dünýäniň öňünde açan hem Magtymguludyr. Şahyr öz Watanyny şeýlebir wasp etdi, onuň goşgularynyň üsti bilen Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýaşaýan okyjylar Magtymguly üçin gymmatly bolan zatlary öz tapan baýlyklary hökmünde kabul etdiler, biziň ülkämizi söýdüler, türkmen halkyny has-da ýakyndan tanamak islediler» diýip belleýär.

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň asyrlar aşyp gelen dürdäne goşgulary dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi. Akyldar şahyryň ýürek aýdymy bolup ýaňlanan goşgularynyň ençemesi dünýäniň belli kompozitorlarynyň özboluşly eseri bolmak bilen, ajaýyp aýdymlar hökmünde asyrlaryň dowamynda alyslarda-da belentden ýaňlandy. Dana şahyryň goşgularyna döredilen şol köpöwüşginli saz eserleriniň hem özboluşly taryhy bar.

Pirmuhammet ÝALMANOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.