Magtymgulyşynas halypalaryň ýürek buýsanjy

25 Noýabr 2024
287

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygarynyň many-mazmuny hem watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary terbiýelemäge goşant goşmaga, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde ruhlandyrmaga gönükdirilendir.

Biz hem žurnalymyzyň bu sanynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge degişli ylma uly goşant goşýan, halkymyzyň köpasyrlyk medeni gymmatlyklaryny öwrenmekde, gorap saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde hem-de edebi ösüşleriň ugurlarynda köp ýyllaryň dowamynda şahyrana taglymatlary wagyz edip gelýän birnäçe magtymgulyşynas halypalaryň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.