Mag­tym­gu­ly­ Pyragynyň di­wa­ny dün­ýä dil­le­rin­de

19 Noýabr 2024
273

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň akyldaryň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar.

Dana Pyragynyň döredijiligindäki nusgalyk ýol-ýörelgeler ýaş türkmenistanlylary terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şahyryň geljege bolan garaýyşlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy mirasydyr. Şonuň üçin Magtymgulynyň şahyrana mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň şygyrlar diwanynyň dünýä dillerine terjime edilendigi bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýarys. Şeýle şatlykly wakalar halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde örän uly ähmiýete eýedir.

«Dünýä edebiýaty»