Bilim ulgamy üstünliklere beslenýär

2 Oktýabr 2024
426

Häzirki wagtda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny giňden ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli bilim edaralary sanly bilim tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şeýle hem dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryny, interaktiw-multimediýa programmalaryny, okuw-görkezme esbaplaryny, maglumat kitapçalaryny, bilim portallaryny işläp taýýarlamak üstünlikli amala aşyrylýar.

Ulgamda amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň netijesinde giň gözýetimli, sanly tehnologiýalara ökdelik bilen erk edýän, dünýä dillerini oňat bilýän, ukyp-başarnykly ýaş hünärmenler kemala gelýär. Olar dünýä dillerini öwrenmek bilen sözlük gorlaryny, dünýägaraýyşlaryny baýlaşdyrýarlar, elektron kitaplaryň, gollanmalaryň kömegi arkaly bilim derejelerini artdyrýarlar, halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlik gazanýarlar. Bular Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýaşlaryny ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirýän bimöçber işleriniň ajaýyp miweleridir.

Enegül AMANDURDYÝEWA,
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.