Nusgawy edebiýatda öwüt-nesihatly goşgular

14 Ýanwar 2024
634

Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyna ýagşylyk, halallyk, watansöýüjilik şuglasyny çaýýan, ruhy lezzet berýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nakyla öwrülen, öwüt-nesihat berýän ajaýyp şygyrlarynyň, goşgy setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti uly.

Dana şahyr öz döredijiliginde ulyny sylamagy, ene-ata hormat goýmagy öwretmegi ýaşlary terbiýelemekde adamkärçiligiň iň gowy häsiýetleriniň biri hasaplaýar. Ösüp gelýän ýaş nesli döwrebap terbiýelemek ene-atalar bilen bir hatarda mugallymlaryň hem borjudyr. Ýaş nesli arassa ahlakly, dogruçyl, watansöýüji edip terbiýeläp ýetişdirmekde biz — mugallymlara Magtymguly Pyragynyň goşgulary hemişe uly gollanmadyr.

Öwezdurdy HOJATOW,
Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.