"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«EKSPO — 2023 Doha»: Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat»

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň bütindünýä we ýöriteleşdirilen halkara sergilere işjeň gatnaşmagy hem dürli ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Katar döwletiniň paýtagty Doha şäherinde Halkara sergiler býurosynyň goldaw bermeginde guralýan «EKSPO — 2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisiniň çäklerinde 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününiň dabaraly ýagdaýda geçirilmegi hem ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ugrunda amala aşyrylýan tagallalary Ýer ýüzüne äşgär etdi. Şeýle ajaýyp baýramçylygyň şaýady bolmak bagt bolsa, dostlukly ýurtda gören-eşidenleriňi hem-de halkara sergi baradaky bilýänleriňi okyjylar bilen paýlaşmak iki esse ýakymlydyr. Täsinlikleriň we täzeçillikleriň mekany

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan halkara sebitleýin seminar geçirildi

Soňky ýyllarda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen döwletimiziň gümrük syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işini sanly ulgam arkaly amala aşyrmakda, harby gullukçylaryň hünär derejelerini kämilleşdirmekde uly işler amala aşyrylýar. Hut şu ýylyň dowamynda halkara guramalary we daşary ýurtlaryň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde gümrük işgärleri üçin sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen okuw çäreleriniň we iş duşuşyklarynyň 50-den gowragyna 300-e golaý harby gullukçylarymyz gatnaşdylar. Şeýle-de onlarça harby gullukçylarymyz daşary ýurtlaryň ençemesinde gümrük işiniň dürli ugurlary boýunça guralan hünär kämilleşdiriş sapaklaryny geçdiler. Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň we Bütindünýä gümrük guramasynyň «Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça Maksatnamasynyň» çäklerinde ýörite port gözegçilik toparlarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda dürli gümrük nokatlarynda ýörite okuwlar geçirildi. Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýa ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde dürli gümrük edaralarynyň işi bilen ýakyndan tanyşmak bilen, ýurdumyzda gümrük işiniň milli kanunçylygymyza laýyklykda amala aşyrylyşyna ýo

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Digital Bridge — 2023» tehnoforumyna gatnaşdy

Astanada geçirilen «Digital Bridge — 2023» tehnologiki forumyna dünýäniň 30 ýurdundan 20 müňden gowrak wekil we 300-e golaý IT kompaniýa, şol sanda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem gatnaşdy.  Sanly ulgamyň we emeli intellektiň, ylmy we tehnologiki ideýalaryň işlenip taýýarlanmagyna we girizilmegine bagyşlanan bu ýokary derejeli foruma Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem geldi. Ol öz çykyşynda soňky ýyllarda «Digital-Bridge»-iň Merkezi Aziýanyň IT senagatyndaky häzirki we geljekki ösüş ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ägirt uly meýdança öwrülendigini belledi.

Arkadagyň ynsanperwerligi kalplary ýyladýar

Sabir Fazal MUHAMMAD,Owganystanyň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili: — Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklaryny alyp barjak hususy düzümleriň işe başlamagyna ak pata berildi. Şeýle-de biziň bu ýere ýygnanyşmagymyzyň düýp sebäpleriniň biri 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleri okamak bilen bagly boldy. Hormatly Arkadagyň türkmen halkynyň «Boljak işe çäre ýok» diýen parasatly jümlesini getirip, bu sadakada golaýda Owganystanda bolup geçen weýrançylykly ýertitremede wepat bolanlaryň hem ýatlanýandygyny aýtmagy hoşniýetli goňşuçylygyň, hakyky ynsanperwerligiň nyşany bolup kalbymyza doldy.

Ibn Sinanyň eserlerinde pelsepäniň umumy häsiýeti

Hidaýet PEKER,Türkiýe Respublikasynyň Uludag uniwersitetiniň professory. Orta asyr yslam pelsepesiniň taryhynda iň meşhur filosoflaryň biri bolan Ibn Sina yslamdan soňky döwürlerde öňe süren pikirleri we olaryň esasynda ýazylan eserleri bilen mynasyp yz goýan alymlaryň biridir. Orta asyr yslam pelsepesi, pelsepäniň dürli düzgünlerini düýpgöter başga salgylanmalara esaslanyp, jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylan filosofik tejribäni görkezýär. Ibn Sinanyň bu ugurda möhüm orny eýeleýän, iň görnükli akyldar bolandygy şübhesiz hakykatdyr. Onuň yslam pelsepesiniň taryhyndaky ähmiýeti, bir tarapdan, filosofiýa ulgamynda dürli salgylanmalary özara birleşdirmeginden, beýleki tarapdan bolsa muny stil we usul taýdan işlemeginden gelip çykýar. Şol sebäpden, Ibn Sina Gündogarda-da, Günbatarda-da iň meşhur akyldardyr. Munuň şeýledigini Lukman Hekimden soň yslam filosofiýasynda onuň pelsepesine ters gelýän esasy tezislerde-de görmek bolýar. Dürli ugurlarda intellektual işler bilen meşgullanan akyldarlaryň pikirlerine we filosofiýasyna has oňat düşünmek maksady bilen ýazylan teswirlerde-de şol täsiri duýmak mümkin.

Dostluk. Hoşniýetlilik. Işewürlik

Türkmenistan döwletimizde «Açyk gapylar» syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu gatnaşyklar dostlukly döwletler bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda ösdürilmän, eýsem-de bolsa, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde hem ilerledilýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen subut edýär. 9-njy oktýabrda döwlet Baştutanymyz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi. Myhman Türkmenistan bilen ÝHHG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň ähmiýetine ýokary baha berdi. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Demirgazyk Makedoniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelidigini nygtadylar we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk baradaky tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Ynsanperwerlik kömegi ugradyldy

Owganystanda bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken dostlukly döwletiň halkyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda ynsanperwerlik kömegi iberildi. Ynsanperwerlik ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma, azyk önümlerinden ybaratdyr. Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde şeýle kömegiň iberilmegi ynsanperwerligiň belent ýörelgeleriniň berkarar bolýandygyny alamatlandyrýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklaryny özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda üstünlikli ilerledýär. Ejir çekenlere goldaw bermek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň dessin kabul edilmegi Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ynsanperwer taglymlaryň dabaralanmagyna ygrarlydygynyň nyşanydyr.

Oňyn başlangyçlar rowaçlanýar

Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany goldamak arkaly ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolýar. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşulýar. Geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan medeni mirasy gorap saklamak, bilimi, ylmy ösdürmek we halklaryň arasynda parahatçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerini ýola goýmak boýunça ählumumy tagallalara, medeni we tebigy mirasy goramak, saklamak we wagyz etmek işlerine işjeň gatnaşyp gelýär.

Pekinde «Bir guşak — bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumy geçiriler

17-18-nji oktýabrda Pekinde «Bir guşak — bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumy geçiriler. Muny Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Hua Çunýiniň sözlerine salgylanyp, Sinhua habar berýär. Esasy mowzugy «Bir guşak, bir ýoluň» ýokary hilli gurluşygy, umumy ösüşiň we abadançylygyň bilelikde gazanylmagy» diýlip atlandyryljak forumyň açylyş dabarasyna Hytaýyň Prezidenti Si Szinpiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Dabarada Si Szinpin çykyş eder we foruma gatnaşyjylar üçin garşy alyş dabarasyny hem-de ikitaraplaýyn çäreleri geçirer diýlip, habarda aýdylýar.

Türkmen wekiliýeti Daşkentde «Bir guşak — bir ýol: Merkezi Aziýa döwletleri üçin täze mümkinçilikler» atly «tegelek stol» maslahatyna gatnaşdy

11-nji oktýabrda Daşkent şäherindäki Merkezi Aziýa halkara institutynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň Özbegistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Bir guşak — bir ýol: Merkezi Aziýa döwletleri üçin täze mümkinçilikler» atly «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada «Dunýo» habarlar agentligi habar berdi. «Tegelek stol» maslahatynyň çäginde syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýumlar, ýangyç-energetika, daşky gurşawy goramak, ýaşyl tehnologiýalar ýaly ugurlarda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan CASCA + multimodal ulag ugrunda öz ornuny pugtalandyrýar

Türkmenistan ulag-logistika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Türkmenistanyň hem gatnaşýan CASCA + multimodal ulag ugrunyň  ösdürilmegi bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Gazagystanyň paýtagty Astanada 4-nji oktýabrda geçirilen “New Silk Way” VI halkara ulag-logistika işewürlik forumynda hem bu barada aýdyldy.

Köpugurlylyk, netijelilik, ýokary işjeňlik

giň gerimli çärelere mahsus aýratynlyklar boldy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda üç günläp dowam eden «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat üstünlikli tamamlandy. Ýurdumyzyň we dünýäniň döwlet hem hususy eýeçilikdäki saglygy goraýyş edaralarynyň 150-den gowragynyň, onlarça ýokary okuw mekdepleriniň, okuw-ylmy merkezleriniň, bedenterbiýe we sport düzümleriniň wekillerini bir ýere jemlän köpugurly forum degişli ulgamlarda ýetilen sepgitler bilen tanyşmakda, möhüm özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça pikirdir tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemekde täze gözýetimleri açdy.

Ibn Sinanyň eserleri — umumadamzat gymmatlygy

Öňňin — 11-nji oktýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahat alymyň eserlerine dünýä lukmançylygynyň we ylmynyň taryhynda uly ornuň degişlidigini ýene bir ýola äşgär etdi. Öz işini umumy mejlisde hem-de ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde guralan degişli bölümçelerde dowam eden maslahatda türkmen alymlary we halkara ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri Abu Aly ibn Sinanyň ylymda gazanan üstünlikleri, häzirki zaman lukmançylygyndaky orny, eserleriniň pelsepe aýratynlyklary, umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrmakdaky ähmiýeti, dürli ylymlar bilen baglanyşygy ýaly mowzuklar boýunça giňişleýin söhbet etdiler. Awad AL-HALAF,BAE-niň Al-Kasimiýýah uniwersitetiniň rektory:

«Ýaşyl» dünýä — umumy öýümiz

Köpugurly türkmen-britan dialogy umumy bähbitlere, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelmek bilen, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýokary derejelere eýe bolýar. Şu jähetden, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlonyň golaýda Mary welaýatynda saparda bolmagy bellenilmäge mynasypdyr. Saparyň çäklerinde diplomat Mary şäherinde ýerleşýän Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebine gelip gördi we okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy bilen tanyşdy, şeýle-de bu ýerde daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy meseleler barada gürrüňdeşlik geçdi. Diplomat Stiwen Konlon mugallymçylyk mekdebinde iňlis dili we edebiýaty mugallymlary Maral Gurbangeldiýewanyň, Ogulkeýik Rejebowanyň, Döwran Durdyýewiň iňlis dili, iňlis edebiýaty, iňlis dilini okatmagyň usulyýeti dersleri boýunça geçen sapaklaryna gatnaşyp, olarda innowasion usullaryň, şol sanda terbiýeçilik we dil öwredijilik ähmiýetli serişdeleriň işjeň ulanylyşyna, pedagogik hünärmenleriň dil taýýarlygyna ýokary baha berdi. Şeýle-de ilçä bu ýerde hereket edýän gurnaklar, olaryň alyp barýan işleri, çeper we ylmy döredijilige höwesli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde geçirilýän çärelerdir maslahatlar barada gürrüň berildi.

Koreý medeniýeti tanyşdyryldy

Häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýä jemgyýetçiligine işjeň goşulyşmak, ýaş nesliň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmegi nazarda tutulyp, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň birnäçesi boýunça okuw sapaklary geçilýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda koreý dilini öwrenmäge hem aýratyn üns berilýär. Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde hem okuwçylara dört ýyldan bäri koreý dili öwredilýär. Olar koreý dili boýunça geçilýän sapaklardan daşary her ýylda bu dil bilen baglanyşykly guralýan çärelerdir bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler. Düýn bu mekdepde şeýle çäreleriň nobatdakysy boldy. Oňa Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek hem-de ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ilçi mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, koreý dilinde çap edilen kitaplary we koreý milli lybaslaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Nepisligiň sarpasy

Düýn ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Arkadag şäherindäki «Märkaw» myhmanhanasynda «Zenan eliniň çeperligi — haly, keşde, keçede» atly halkara dialog geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan çärä Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň haly, keçe, keşde sungaty bilen baglanyşykly ulgamlarynyň tejribeli hünärmenleri, görnükli alymlary gatnaşdylar. Halkara dialogyň açylyşyndan soňra, Arkadag şäheriniň wideoşekilli tanyşdyrylyşy boldy. Bu ýerde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa çykyş edip, ÝUNESKO bilen alnyp barylýan işjeň gatnaşyklar, bu ugurda durmuşa geçirilen işler, öňde durýan wezipeler barada gürrüň berdi. Soňra beýleki hünärmenleriň hem çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda milli medeni gymmatlyklarymyzy sarpalamak ýörelgesiniň bu günki günde dünýäde dabaralanýandygy, şunlukda, zenanlarymyzyň sungat derejesine ýetirilen gadymy el işleriniň hem uly gyzyklanma eýe bolýandygy nygtaldy.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylyk arkaly ösüşi üpjün etmek babatda dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty ählumumy howpsuzlygy berkitmekde, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini tapmakda, döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşi üçin amatly şertleri döretmekde, şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Şu jähetden, 2023-nji ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň ähmiýetini bellemek dogry bolar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyrygy bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň bu dostlukly döwletde geçiren ýokary derejeli duşuşyklarynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

HALKARA DIALOGY GEÇIRILDI

Şu  gün, 12-nji  sentýabrda  Arkadag  şäheriniň   «Märkaw»  myhmanhanasynda  ÝUNESKO-nyň  işleri  barada  Türkmenistanyň  milli toparynyň  Sekretariatynyň, Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  Milli  merkeziniň  we  Zenanlar  birleşiginiň  Merkezi  geňeşiniň  bilelikde  sanly  ulgam  arkaly  gurnamagynda   «Zenan  eliniň  çeperligi – haly, keşde, keçede»  atly  Halkara  dialogy  geçirildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy

Türkmenistanda halkara ylmy forum geçirildi Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.