Türkmen wekiliýeti Daşkentde «Bir guşak — bir ýol: Merkezi Aziýa döwletleri üçin täze mümkinçilikler» atly «tegelek stol» maslahatyna gatnaşdy

13 Oktýabr 2023
467

11-nji oktýabrda Daşkent şäherindäki Merkezi Aziýa halkara institutynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň Özbegistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Bir guşak — bir ýol: Merkezi Aziýa döwletleri üçin täze mümkinçilikler» atly «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada «Dunýo» habarlar agentligi habar berdi.

«Tegelek stol» maslahatynyň çäginde syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýumlar, ýangyç-energetika, daşky gurşawy goramak, ýaşyl tehnologiýalar ýaly ugurlarda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.