Türkmenistan CASCA + multimodal ulag ugrunda öz ornuny pugtalandyrýar

13 Oktýabr 2023
453

Türkmenistan ulag-logistika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Türkmenistanyň hem gatnaşýan CASCA + multimodal ulag ugrunyň  ösdürilmegi bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Gazagystanyň paýtagty Astanada 4-nji oktýabrda geçirilen “New Silk Way” VI halkara ulag-logistika işewürlik forumynda hem bu barada aýdyldy.