Köpugurlylyk, netijelilik, ýokary işjeňlik

13 Oktýabr 2023
519

giň gerimli çärelere mahsus aýratynlyklar boldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda üç günläp dowam eden «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat üstünlikli tamamlandy. Ýurdumyzyň we dünýäniň döwlet hem hususy eýeçilikdäki saglygy goraýyş edaralarynyň 150-den gowragynyň, onlarça ýokary okuw mekdepleriniň, okuw-ylmy merkezleriniň, bedenterbiýe we sport düzümleriniň wekillerini bir ýere jemlän köpugurly forum degişli ulgamlarda ýetilen sepgitler bilen tanyşmakda, möhüm özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça pikirdir tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemekde täze gözýetimleri açdy.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».