"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» strategiýalary: ösüşiň hatyrasyna utgaşykly maksatlar

17-18-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilen «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz maslahatda eden taryhy çykyşynda: «Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna laýyk gelýär. Olaryň ikisi hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berip, Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda giňişlikleri birleşdirip, özara baglaşylan önümçilik we tehnologik tapgyrlary hem-de senagat guşaklaryny kemala getirip, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we abadançylygyny artdyrmaga ýardam etmelidir» diýip belledi. Hytaý Halk Respublikasynyň «Bir guşak, bir ýol» strategik häsiýetli konsepsiýasy dünýä bileleşiginiň oňyn seslenmesine mynasyp bolýar. Bu başlangyjyň maksady köp sanly ýurtlaryň gatnaşmagynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň serişdelerini peýdalanmak bilen, halkara söwda, maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda bu başlangyjyň çäginde Hytaý dünýäniň 150-den gowrak döwleti, 30-dan gowrak halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şol bir wagtyň özünde-de Merkezi Aziýa, Ýewropa we Afrika ýurtlarynyň onlarçasyny birleşdirýä

«Bir guşak, bir ýol»: ählumumy ykdysady hyzmatdaşlygyň beýany

Dünýä döwletleriniň arasynda Hytaý Halk Respublikasy ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanylýar. Häzirki wagtda iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň köp derejeli guraly işlenip taýýarlanyldy. Ol döwlet Baştutanlarynyň gepleşikleri, türkmen we hytaý işewür toparlarynyň duşuşyklary ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaýyň Milli maslahatlar merkezinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasarynyň alyp barmagynda «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty geçirildi. Ýokary derejeli forumda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji bolup çykyş edip, bu çäräniň geçirilmeginiň örän möhüm we talap edilýän waka hasaplanýandygyny aýtdy. Şeýle-de soňky döwrüň pandemiýa, durnuksyzlygyň ýokarlanmagy, ynamyň pese gaçmagy, wakalaryň öňünden habar berilmezligi ýaly hakykatlarynyň ählumumy ykdysady işjeňlige ýaramaz täsirini ýetirendigini, özara baglanyşyk bilen dahylly meseleleri döredendigini, durnukly ösüş ulgamynda meýilnamalaryňdyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini peseldendigini belledi. Bu ýaramaz täsirleri ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi, ak ýürekli çemeleşmä, jogapkärçilige, öňdengörüjilige esaslanýan döredijilikli we netijeli gün tertibini kesgitlemekde olaryň raýda

Ot-iým, ot-iýmlik goşundylary, weterinariýa we agrosenagat toplumyna degişli enjamlaryň ýöriteleşdirilen halkara sergisi geçirilýär

2023-nji ýylyň 24 – 26-njy oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäheriniň «Krokus Ekspo» halkara sergiler merkezinde agrosenagat toplumynyň maldarçylyk, guşçulyk, balykçylyk ýaly pudaklarynyň ot-iým, ot-iýmlik goşundylary, weterinariýa we enjamlaryň «KormWet — 2023» ýöriteleşdirilen halkara sergisi geçiriler. Bu halkara serginiň guramaçylygyna Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministrligi, pudaklaýyn birleşmeler we assosiasiýalar, şeýle-de 60-dan gowrak agrosenagat ugry boýunça ýöriteleşen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri goldaw berýär. «KormWet» halkara sergisi maldarçylyk toplumlarynda işewürligi ýola goýmaga ýardam edýän iň gowy ot-iýmleriň öndürilişi, weterinariýa hyzmatlary, ot-iýmleriň senagat derejesindäki önümçiligi babatda iň öňdebaryjy enjamlar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Pekin duşuşygy: bilelikde umumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary barada söhbet Taryhyň gymmaty diňe arka atylan menzillerde däl. Eýsem-de bolsa, onuň geljek üçin çelgileri, düýp esaslary hem döredýänligindedir. Biz taryha ser salyp, şu günüň ähmiýetine göz ýetirýäris. Taryha daýanyp, geljek üçin maksat tutýarys. Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň gözbaş alan ýurdy bolan Hytaýyň paýtagtynda geçirilen «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty bu hakykatyň anyk güwäsi bolmak bilen, dünýä ýurtlarynyň 150-den, halkara guramalaryň 40-dan gowragynyň wekillerini Pekinde jemledi.

Hytaý metbugatynyň sahypalaryndan

«HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň belleýşi ýaly, şu ýyl özara baglanyşygy giňeltmek, syýasy dialogy işjeňleşdirmek, aragatnaşygy aňsatlaşdyrmak, söwda amallarynyň ýönekeýleşdirilmegini üpjün etmek, maýalary ilerletmek, adamlary ýakynlaşdyrmak babatda Beýik Ýüpek ýolunyň gymmatyny artdyrmak maksady bilen öňe sürlen «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyna 10 ýyl dolýar. Ol dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine goşmaça itergi bermäge, ählumumy ösüşiň täze gözýetimlerini açmaga we halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny döretmäge gönükdirilendir».

Halkara hyzmatdaşlyk berkidilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy daşary ýurtlaryň ýaşlar birleşikleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 12-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk etmek we ynamy berkitmek boýunça Ýaşlar geňeşiniň 6-njy mejlisi hem-de onuň çäklerinde «Nesilleriň dialogy» atly forum hem bu hakykaty ýene bir gezek subut etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bir guşak, bir ýol” üçünji halkara hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerindäki ýokary derejeli maslahatdaky çykyşy

(Pekin şäheri, 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabry) Hormatly jenap Başlyk!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygyndaky çykyşy

(Pekin şäheri, 2023-nji ýylyň 19-njy oktýabry) Hormatly Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpin!

Milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar

Mälim bolşy ýaly, 17 — 19-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda ýanynda bolan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa bu ýerde guralan medeni çärelere gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyz syýasy logistikanyň wajyplygy barada aýtdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda syýasy logistikanyň wajyplygy barada aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ykdysadyýetde özara arabaglanyşyk, tehnologiýalary, tejribäni we usullary halkara derejesinde alyşmak dünýä ösüşiniň obýektiw ýagdaýlary bolup durýandygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, olar önümçilikde has ysnyşykly kooperasiýany, ýakynlaşmak babatdaky tehnologik we sanly binýatlaryň, bilelikdäki kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary tamamlandy Pekin — Aşgabat, 19-njy oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy.

«Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň uly geljegi bar»

diýip, dostlukly ýurduň wekilleri biragyzdan belleýärler Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen iş duşuşyklary geçirildi. Daşary syýasy ugurda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlary boýunça geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, agzalan ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri hytaý tarapynyň wekilleri bilen guralan duşuşyklaryň esasyny düzdi.

Pekin forumy: Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge ygrarlylyk

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin 17 — 19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary biziň ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Saparyň birinji gününde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we sapar wagty ýanynda bolýan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşýan belent mertebeli myhmanlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hormatyna Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň adyndan berlen resmi agşamlyk naharyna gatnaşdylar.

Bişkek sammiti: açyk we deňhukukly dialogy pugtalandyryp

Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň çäklerinde açyk we deňhukukly dialoga ygrarlydygyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji oktýabrda Bişkekde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy hem bu hakykaty aýdyň görkezýär. «Manas» Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Köpöwüşginli sungatyň toýy

11-nji oktýabrda Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüldi. Agşam «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu döredijilik çäresiniň Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek. Şeýle çäreler ozal Aşgabatda guralýardy. Aýdym-saz agşamy ýurdumyzyň görnükli aýdymçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, Döwlet horunyň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly aýdym bilen açyldy.

Ýaşlar hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň goldaw-hemaýatlaryndan göwünleri galkynýan türkmen ýaşlary ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge-de uly goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem daşary ýurtlaryň ýaşlar birleşikleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. 11 — 13-nji oktýabr aralygynda goňşy Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk etmek we ynamy berkitmek boýunça Ýaşlar geňeşiniň 6-njy mejlisi hem-de şol Geňeşiň çäklerinde «Nesilleriň dialogy» atly forum hem bu ugurda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Medeniýetleriň mähribanlygy

Orta asyrlarda dünýä ýaň salan Beýik Ýüpek ýoly halklaryň we döwletleriň medeniýetini mähribanlyk bilen birleşdirdi. Gahryman Arkadagymyzyň adybir eserinde nygtaýşy ýaly Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir. Gadymy we orta asyrlardan başlanan ykdysady we medeni gatnaşyklar häzirki döwürde hem döwrebap derejede ösdürilýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda HHR bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Koreýanyň Ulag instituty Türkmenistandaky demir ýol taslamalaryna gatnaşmaga çagyryldy

“Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleri Koreýanyň Ulag institutynyň (KOTI) ylmy barlagçylaryny Türkmenistanda durmuşa geçirilýän demir ýol taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy. Koreý tarapy bu ugurdaky işlere gyzyklanmalaryny beýan etdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa düzümleriniň wekilleri Koreýa Respublikasyndan ulag-logistika taslamalaryny çekmek meselelerine hem seretdiler. Bu esasan, türkmen demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek işlerini maliýeleşdirmek bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistan Hazar, Baltika, Gara deňizlerine çykýan ulag ulgamynyň döredilmegine gatnaşýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki “Bir guşak, bir ýol” Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatynda häzirki wagtda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag we logistika düzüminiň köp şahaly ulgamyny döredýändigini we geljekde bu ulgamyň Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirjekdigini aýtdy. “Munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän derwaýysdyr” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary Pekin, 18-nji oktýabr (TDH). Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.