Pekin duşuşygy: bilelikde umumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine

21 Oktýabr 2023
633

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary barada söhbet

Taryhyň gymmaty diňe arka atylan menzillerde däl. Eýsem-de bolsa, onuň geljek üçin çelgileri, düýp esaslary hem döredýänligindedir. Biz taryha ser salyp, şu günüň ähmiýetine göz ýetirýäris. Taryha daýanyp, geljek üçin maksat tutýarys. Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň gözbaş alan ýurdy bolan Hytaýyň paýtagtynda geçirilen «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty bu hakykatyň anyk güwäsi bolmak bilen, dünýä ýurtlarynyň 150-den, halkara guramalaryň 40-dan gowragynyň wekillerini Pekinde jemledi.

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”. Aşgabat — Pekin — Aşgabat.