Koreýanyň Ulag instituty Türkmenistandaky demir ýol taslamalaryna gatnaşmaga çagyryldy

19 Oktýabr 2023
705

“Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleri Koreýanyň Ulag institutynyň (KOTI) ylmy barlagçylaryny Türkmenistanda durmuşa geçirilýän demir ýol taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy. Koreý tarapy bu ugurdaky işlere gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa düzümleriniň wekilleri Koreýa Respublikasyndan ulag-logistika taslamalaryny çekmek meselelerine hem seretdiler. Bu esasan, türkmen demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek işlerini maliýeleşdirmek bilen baglanyşyklydyr.